• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Täze ýürek oturtma nobatyna garaşyp, 17 aý ýüreksiz gezen adam

2015-nji ýylyň ýanwarynda 24 ýaşly Steýn Larkin “Frankel” adyndaky Miçigan uniwersitetiniň Kardiowaskulýar merkezini döşüne emeli ýürek oturdylan we arkasynda rýukzakly, içinde ýörite 6 kilogramly enjamy bilen çykyp gaýdypdy. Ol ony 555 günläp (17 aýlap götermeli boldy). Hazir Larkin 25 ýaşynda we 1 aýa golaý mundan öň ol hakyky ýürek oturtma operasiýasyny üstünlikli geçirdi.

Larkina diri galmaga kömek eden ulgam (şeýle hem sport bilen meşgullanmaga, Sten basketboly gaty gowy görýär) “SynCardia Freedom Portable Driver” diýlip atlandyrylýar. Şeýlelikde, täze ýüregiň transplantasiýasy üçin nobata garaşyp ýören adamlar, hassahana merkezlerinde gurnalan ägirt uly stasionar apparatlarynyň aşagynda ýatman, eýsem öz durmuşlary bilen arkaýyn ýaşap bilerler.

Bu ulgamyň kömegi bilen ol dogrudan hem ýaşady” - diýip, operasiýany geçiren Larkiniň hirurgy Jonatan Haft aýtýar. - “Ulgam elbetde basketbol oýnamak üçin niýetlenen däl, ýöne Sten bu tehnologiýanyň ramkasyndan çykdy”.

Sten we onuň agasy Dominik nesilden nesile geçýän “maşgala kardiomiopatiýa” keseli bilen doguldylar, bu keselde ýürek 10-20 ýaş töwereklerinde ýuwaşlyk bilen ölüp başlaýar we adamyň organizimde ýeterlikli gan aýlanyşygyny ýerine ýetirip bilenok. Dominigiňki şowuna düşdi, onuň diagnozyny anyklanlaryndan soň derrew täze ýürek oturdylar, ýöne Sten bolsa 1 ýyldan gowrak garaşmaly boldy, şonça wagtlap ol ýany bilen arkasynda rýukzakyň içinde organizmde gan aýlanşygyny ýerine ýetirýän ilkinji portatiw enjamy göterip, onuň kömegi bilen ýaşady.

Bu bir duýguly waka bolup geçdi” - diýip öz tejribeleri bilen Larkin paýlaşýar.

Sten Larkin 1 ýyldan gowrak wagtdan soň özüniň emeli ýüregi bilen hakyky ýüregiň transplantasiýasy üçin operasiýa etdirmäge hassahana merkezine geldi.

Men hakyky ýüregiň transplantasiýasyny iki hepde mundan öň geçirdim we häzrki wagtda özümi gowy duýýan, men häzir marafon ylgamagada taýýar. Meniň üçin ýüregini beren donora sag bolsun aýdasym gelýär. Eger-de ol razy bolsa, haçan-da bolsa men onuň özi we maşgalasy bilen duşuşmak isleýärin.”.