• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ak Girdap – geljege gezelenç

Ak Girdap – bu gara Girdabyň wagt boýunça gapmagarşysy. Äleme gözegçilik geçirýänleriň aýtmagyna görä, bu fizki obýektiň oblastyna hiçzat absolýutny girip bilmez. Çaklamalaryň birinde şeýle tassyklanýar, ýagny ak Girdap gara Girdabyň başga wagt giňişlikde jisimleriniň çykarýan ýerinde peýda  bolýar. Ak Girdabyň bardygyny matematiki subut edilen, ýöne olary hiçkim hiçhaçan görmedik. Alymlar ak Girdaba gara Girdabyň ýuwudan energiýasyny we materiýasyny giňişlige zyňýan kosmiki wulkan diýip atlandyrýarlar. Şeýle bolmak bilen täze Älem giňişligi hem döräp biler.

  

Amerikan kosmology Bleýk Templ gara Girdap kosmosda näçe sany bolsa, ak Girdap  hem şonça sany bardyr diýip hasap edýär. Girdaplaryň partlama nokatlarynyň arasynda biziň älemmizde ýerleşýän gara Girdap bilen beýleki Älemde ýerleşýän ak Girdaby baglaýan tunnel bar diýip alymlar çak edýär. Şonuň üçin astrofizikler gara Girdabyň ähli ýuwudan materiýasyny ak Girdap daşyna zyňýar diýip hasap edýärler. Wagtyň dynçlyk halyna öwrülmesini görälik teoriýanyň tassyklaýanlygy üçin, alymlar gara Girdap materiýany ýuwutmanka ak Girdap çykarmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

Biziň garaýşymyz.

Eger-de gara Girdap materiýany yuwdup başga Älemde çykarýan bolsa we Ak Girdap hem tersine bolsa, onda ak girdap şol Älemdäki gara Girdap bolýar. Onda gelmişekler (инопланетяни)  hem gara Girdapdan biziň Älemmize gelip syýahat edip ak Girdapdan (biz tarapda gara Girdap) hem yzyna gitýän bolmaly. Eger-de biz geljekde ýagtylygyň tizliginde hereket edýän uçar ýasap bilsedik, onda gara Girdabyň içine syýahat etmäne hem gidip bilerdik. Yza gaýdylanda ak Girdap bilen gaýmak bolar, ýöne haýsysy biziň Älemmize getirýandini bilmek gerek bolar.

Hawa bularyň hemmesi entäk çaklama, hyýaly ýa-da erteki diýsek hem boljak. Ýöne öňem bir alymyň aňtmagyna görä:”Erteki – bu ertirki boljak zatdyr”.