• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  (hünärler:  ykdysadyýet  we  hojalyk  hukugy;  maliýe  hukugy;  statistika; ykdysady  howpsuzlyk).

2. Menejment  (hünärler:  dünýä  ykdysadyýeti;  döwlet  we ýerli  dolandyryş;  halkara  maglumat  işewürligi;  makroykdysadyýet;  ykdysady  kibernetika). 

3. Kompýuter  tehnologiýasy  (hünär:  awtomatlaşdyrylan  ulgamlaryň  we kompýuter  tehnikasynyň  programma  üpjünçiligi). 

4. Marketing  (hünärler:  hili  dolandyrmak;  ilatyň  durmuş  üpjünçiligini  guramak).

5. Halkara  işewürligi  we menejment  (hünär:  dünýä  maliýe  bazary).

6. Maliýe  işi we karzlar  (hünärler:  gymmatly  kagyzlaryň  bazary;  baha  kesmek  işi).  Tölegli  esasda  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  we hünärleri: 

1. Ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  (hünär:  buhgalter  hasaby  we   udit).

 2. Menejment  (hünärler:  menejment;  ykdysadyýetde  we   olandyryşda  Maglumat  ulgamlary;  kärhananyň  ykdysadyýeti  we  dolandyrylyşy).

3. Marketing  (hünärler:  marketing;  zähmetiň  ykdysadyýeti  we  bazary;  harytşynaslyk  we harytlaryň  ekspertizasy;  jemgyýetçilik  iýmitini  guramak).

4. Halkara  işewürligi  we menejment  (hünär:  maliýe  menejmenti).  5. Maliýe  işi we karzlar  (hünär:  pul dolanyşygy  we karz).  Tölegli  esasda  bakalawrlary  taýýarlamagyň  ugurlary:

1. Ykdysadyýet  we dolandyryş  (taýýarlygyň  ugurlary: ykdysadyýet;

menejment;  işewürlik  we telekeçilik;  täjirçilik).

Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň   netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär. 

Resmi   iş kagyzlary  welaýat  merkezlerinde  we Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:  — bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

 — bellenilen nusgadaky sowalnama  (anketa); 

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;  — soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

 — işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

 —  giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen   resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:  — şahsy  pasportyny;

 — Türkmenistanyň   Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden    güwähatyny. 

Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler. 

Nädogry  berlen   maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik   çekýär. 

Giriş   synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  institutda  (Aşgabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär:

 Lebap welaýaty  — iýul aýynyň 30-31-i, awgust  aýynyň  2-si we  3-i  günleri

Balkan   welaýaty  — awgust  aýynyň  1-i, 2-si we 4-i günleri 

Mary  welaýaty  — awgust  aýynyň  5-6-sy, 9-y we 11-i günleri

Ahal welaýaty   — awgust  aýynyň  7-8-i, 10-y we 12-si günleri  Aşgabat   şäheri  — awgust  aýynyň  13-14-i, 16-sy we 18-i günleri

Daşoguz   welaýaty  — awgust  aýynyň  15-i, 17-si we 19-y günleri

Giriş  synaglary   aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:  ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy; menejment;  marketing;  halkara  işewürligi  we menejment;  maliýe  işi we karzlar  ugurlary — matematika,

Türkmenistanyň   taryhy,  geografiýa;

Awtomatlaşdyrylan   ulgamlaryň  we kompýuter  tehnikasynyň  programma  üpjünçiligi  hünäri — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;  bakalawrlaryň  taýýarlanylýan  ykdysadyýet  we dolandyryş  ugry  (taýýarlyk  ugurlary:  ykdysadyýet;  menejment;  işewürlik  we telekeçilik;  täjirçilik)   — matematika,  Türkmenistanyň  taryhy,  geografiýa.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär. Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň   tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär. 

Giriş   synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

 — ykdysady  hünärler  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar; 

— çagyryş   boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmen  döwlet  ykdysadyýet  we dolandyryş  institutynyň  salgysy:  Aşgabat  ş., 1972 (Atatürk)  köçesi,  73; tel.: 48-62-71, 48-62-76.