• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Beýnide oturdylan çip, ysmaz bolan adama demir eli dolandyrmaga ýardam etdi

Bioniki el we beýnide integrirlenen (oturdylan) iki sany çiplar arkaly ysmaz bolan adamyň özi içmegi başardy. Erik Sorto ozüniň synalaryny gymyldatmak ukybyny 2002-nji ýylda ýitirýär. Emma Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň we medisina mekdebiniň bilelikdäki Rancho Los Amigos merkeziniň kömegi bilen iki çaganyň kakasy Erik Sorto özüniň pikiriniň güýji bilen emeli synasyny dolandyrmagy başardy.

“Bu örän geň tejribe. Men öz erkime birje çüýşe piwo içmegime doly 13 ýyllap garaşdym” - diýip Erik Sorto şatlygyny paýlaşýar.