• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Alymlar goşa ýyldyzdan iň uly Tatuin – planetany tapdylar

Amerikan astronomlary birlikde iki ýyldyzyň daşyndan aýlanýan, äpet ekzoplantany (biziň planetamyza meňzeş planeta) tapdylar.

Öz parametrleri boýunça Ýupiteri ýatladýan asman jisimini älem teleskopy Kepleriň maglumatlaryny toplamak arkaly açyldy.

Ekzoplaneta Kepler-1647b Ýerden 3700 ýagtylyk ýyly aralykda Guw ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär we onuň ýaşy takmynan 4,4 mlrd. ýyldyr. Onda ýaşaýyş mümkin däl. Ýöne, ol uly hemralara eýe bolsa, onda olar ýaşamaga oňaýly bolup biler diýip alymlar hasaplaýar. Onuň orbitasy ýaşaýyş zonada ýerleşýär, ýagny suwuň suwuk görnüşinde bolup biljek raýonynda.

Öz massasy we ölçegi boýunça bu ekzaplaneta Ýupiter bilen deňeçerräk. Goşa ýyldyzlar ulgamyndan aýlanma periody 1107 güne deň, ýagny üç ýyldan gowrak.

Iki ýyldyzyň daşyndan aýlanýan planetalara köplenç adybelli “Ýyldyz urşy” atly eserdäki atdaş planetanyň hormatyna “Tatuin” diýip atlandyrylýar. Barlag geçirýänleriň gaýtmagyna görä ýeketäk ýyldyzyň daşyndan aýlanýan planetalara garanyňda şunuň ýaly planetalary tapmak kynrak.