• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Kepler”-iň täze açyşlary

Amerikan alymlary kosmos teleskopy “Kepleriň” ýardamy bilen biziň galaktikamyzda ýene-de 1,3 müň töweregi ekzoplanetalaryň bardygyny, olaryň dokuzysynda biologik durmuşa ýaramly şertleriň bolmagynyň mümkindigini mälim etdiler. Bu hakda Waşingtonda geçirilen metbugat konferensiýasynda NASA-nyň hünärmenleri habar berdiler. NASA-nyň hünärmenleri 2009-njy ýylyň martynda uçurylan, “Planetalaryň awçysy” diýlip atlandyrylýan ylmy enjamdan gelip gowuşýan maglumatlary öwrenýärler. “Kepler” ýene-de 1284 sany täze planetany tapmaga kömek etdi diýip, ABŞ-nyň kosmos edarasynyň belli ylmy işgäri Ellen Stofan habar berdi.

Şeýlelikde, onuň ýardamy bilen açylan planetalarň umumy sany iki esse artdy.Bu bolsa, kosmos giňişligindäki Güne meňzeş ýyldyzlaryň töwereginden ýene-de bir Ýeriň tapylmagyna umyt döredýär. Mundan ozal, “Kepleriň” kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ýüzlerçe ýyldyzlaryň töwereginde emele gelen ulgama girýän müňden gowrak ekzoplanetalar ýüze çykaryldy. Şeýle hem alymlar “Kepleriň” ýüze çykaran 1 müň 284 täze planetasynda 550-siniň üstki gatlagynyň gatydygy hakda gürrüň berdiler. Olaryň dokuzysynyň ýaşaýyş zolagynda ýerleşmegi, öz ýyldyzlaryndan uzakdadygyny garamazdan, sowuklyk görnüşindäki suwyň bolmagy üçin zerur bolan üstki gatlagynyň ýylylyk derejesini saklamaga mümkinçilik berýär-diýip, taslama gatnaşyjylaryň biri Priston uniwersitetiniň işgäri Timoti Morton belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, indi “Kepleriň” kömegi bilen açylan we ýaşaýyş zolagynda ýerleşýän ekzoplanetalaryň umumy mukdary 21-e ýetdi. Hünärmenler ol ýerde biologik durmuş üçin zerur şertleriň bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler. NASA-nyň işgärleri täze planetalaryň çynlakaý seljerişlerinden soňra 4 müň 302 sany bolup biljek dalaşgärleriň arasynda saýlanyp alnandygy düşündirdiler. Ýene-de 707 sany dalaşgär kabul edilmelidi, beýlekileri bolsa, doly bahaly planeta derejesini almak üçin goşmaça barlaglar talap edýär.

“Kepler” orbitada işläp başlamazdan ozal, käwagt biziň galaktikamyzda duş gelýän ekzoplaneta barada bilmeýärdik diýip, NASA-nyň astrofizik edarasynyň ýolbaşçysy Pol Gers aýtdy. Indi bu teleskopyň ýardamy bilen planetalaryň ýyldyzlardan hem köpdügi belli boldy. Gersiň sözlerine görä, açyşlar Akmaýanyň ýolunyň gurluşy baradaky biziň göz öňüne getirýän zatlarymyzy giňeldýär we haçan-da bolsa, birmahal “Biz älemde ýekemi?” diýen sowala jogap tapmaga ýardam berer. Şeýle hem NASA Gün ulgamynyň çäklerindäki biziň galaktikamyzda ýerleşýän planetalary öwrenmegini dowan etdirer. Ol bu maksatlary 2018-nji ýylda orbita ugradyljak James Webb adyndaky täze kosmos teleskopynyň kömegi bilen amala aşyrar. Bu taslamanyň bahasy 9 milliard dollar töweregi bolup, “ Kepleriň” bahsyndan 15 esse köpdür.