• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan

edýär:

1. Agronomçylyk  (hünärler:  agronomçylyk;  ýüpekçilik;  agrohimiýa  we topragy  öwreniş;   bagbançylyk,  miweçilik  we gök ekerançylyk; ösümlikleri  goramak;  tokay  we seýil  bag hojalygy;  oba hojalyk  ekinleriniň  seçgisi  we tohumçylygy).

2. Maldarçylyk  we weterinar  lukmançylygy  (hünärler:  weterinar lukmançylygy;  maldarçylyk;  atçylyk).

3. Gidromeliorasiýa  we oba hojalygynyň  mehanizasiýasy  (hünärler:

gidromeliorasiýa;  ýer  ulanyş;  oba hojalygyny  mehanizmleşdirmek;  melioratiw  işleri  mehanizmleşdirmek;  oba hojalygy  (inžener-  mugallymlary  taýýarlamak).

4. Oba hojalyk  önümlerini  gaýtadan  işlemegiň  tehnologiýasy  (hünärler:  miwe-  gök önümlerini  gaýtadan  işlemek;  et-süýt  önümlerini  gaýtadan  işlemek;  dänäni  gaýtadan  işlemek;  pagtanyň  ilkinji  işlenilişi;  ösümlik  ýagyny  öndürmek).

5. Dokma  we ýeňil  senagat  önümleriniň  tehnologiýasy  (hünärler:  mata  önümçiligi;  tikinçilik  önümçiliginiň  tehnologiýasy;  tebigy  süýümleri  egirmek).

6. Kompýuter  tehnologiýasy  (hünär:  oba hojalygynda  Maglumat  ulgamlary).  Tölegli  esasda hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  we    hünärleri: 

1. Pudak kärhanalarynyň  ykdysadyýeti  we  dolandyrylyşy  (hünär: oba hojalygynyň  ykdysadyýeti).

2. Ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  (hünär:  oba hojalygynda  buhgalter  hasaby  we audit). Uniwersitete  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da  orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş 

synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  welaýat  merkezlerinde  we  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10 — 26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy: 

— bellenilen nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)

häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  on iki sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl  nusgasyny  tabşyrýar.

Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda

görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän

iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:  — şahsy  pasportyny; 

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş

şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.

Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler. 

Nädogry  berlen  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  kabul  edilmek  uniwersitetde (Aşgabat

şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär:

Lebap  welaýaty  — iýul aýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň 2-si we 3-i günleri

Balkan  welaýaty  — awgust  aýynyň  1-i, 3-i we 5-i günleri

Mary  welaýaty  — awgust  aýynyň  4-5-i, 7-si we  8-i günleri

Daşoguz  welaýaty  — awgust  aýynyň  6-sy, 8-i  we 10-y günleri

Ahal welaýaty  — awgust  aýynyň  9-10-y, 13-i we   15-i günleri

Aşgabat  şäheri  — awgust  aýynyň  11-12-si, 14-i  we 16-sy günleri

Giriş  synaglary aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

agronomçylyk;  maldarçylyk  we weterinar  lukmançylygy ugurlary

— himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

Gidromeliorasiýa  we oba hojalygynyň  mehanizasiýasy;  kompýuter  tehnologiýasy  ugurlary  — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalyk  önümlerini  gaýtadan  işlemegiň  tehnologiýasy  ugry —    fizika,  himiýa,  Türkmenistanyň taryhy;

dokma  we ýeňil  senagat  önümleriniň  tehnologiýasy  ugry  —  fizika,  himiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

pudak  kärhanalarynyň  ykdysadyýeti  we dolandyrylyşy;  ykdysadyýet  we hojalyk  hukugy  ugurlary  — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň  taryhy.

Dersler  boýunça giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.

Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň biri  boýunça synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara goýberilmeýär. Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha alanlardan

talyplyga  kabul edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— soňky  2 — 3 ýylyň  dowamynda  ýokary  netijeler  gazanan  we  etrap  häkimligi  tarapyndan  degişli  hünärlere  hödürlenen  kärendeçiler

we mülkdarlar; 

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

S.A. Nyýazow  adyndaky  Türkmen  oba hojalyk  uniwersitetiniň salgysy:  Aşgabat  ş., 2009-njy (Görogly)  köçe,  143; tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.