• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebi

2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:


1. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baýlaşdyrylyşy.
2. Sowadyjy, kompression maşynlaryny we gurluşlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
3. Himiýa we nebiti, gazy gaýtadan işleýän senagaty kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça).
5. Suw üpjünçiligi we lagym suwlary akdyryş.
6. Gurluşyk materiallaryny, demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.
7. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça).
8. Senagat we raýat binalarynyň elektrik abzallaryny gurnamak, sazlamak we ulanmak.
9. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.
10. Dokma önümleriniň tehnologiýasy (görnüşleri boýunça).
11. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
12. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary.
13. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.
14. Tehnologik prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy (pudaklar boýunça).
15. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
16. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (pudaklar boýunça).
Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 14-15-i, 17-si we 18-i günlerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
ýeňil senagatyň himiki tehnologiýasy; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasyhünärleri — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheri, Amul şäherçesi,  Dostluk köçesi, 20, tel.: 7-17-25, 7-14-79.