• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Uzaklygy ölçeýji we teplowizorly smartfony görkezilişe çykaryldy

​​​​​​

MWC 2018 sergisinde Catarpiller kompaniýasy özüniň CAT S61 kysymly, ýagny uzaklygy ölçeýji we teplowizorly smartfonyny görkezilişe çykardy. CAT S61 smarfony CAT S60 kysymly kompaniýanyň öňki çykaran smartfonynyň kämilleşdirilen görnüşidir. Onuň FLIR Lepton teplowizory temperaturany -20 den +400 gradus selsiýa çenli ölçemäge ukyply bolup, uzaklygy ölçeme mümkinçiligi bolsa 10 metre çenlidir. Ondan başgada bu smartfonyň sensory howanyň düzümini hem kesgitläp biler ýaly edilip enjamlaşdyrylandyr. Smartfon urga durnukly we suw geçirmeýän örtükli bolup, suwda 1 sagada çenli işläp bilýär we 2 metr beýiklikden gaçan halatyndaky urga hem durnuklydyr. Smartfony gurluşyk işlerinde hem-de beýleki işlerde dürli maksatlar üçin peýdalanmak bolar.