• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №8

Geri Makkinon

ABŞ-nyň döwlet ulgamlaryny döwmek bilen meşgullanan

Makkinon – gelip çykyşy boýunýa şotlandiýaly, londonly hakerdir. Ol söwda bilen bagly bolmadyk maksat bilen ABŞ-nyň hökümetiniň ulgamlaryny döwmek bilen meşhurdyr. 2002-nji ýylda ABŞ-nyň goşunlarynyň bir kompýuýetleriniň birinde şeýle habar peýda bolýar: “Siziň ulgamyňyzyň howpsuzlygy - biderek”. Makkinon ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň serwerini döwmeginiň maksady, ol Tanalmadyk uçýan obýekt (НЛО) baradaky maglumaty jemgyýetden gizlenýän subutnamalary tapmak üçin, şeýle-de nebit bilen baglanyşykly maglumatlary gözläpdir.

Soňra Makkinonyň ýok zady ogurlajak bolandygy (ýa bolmasa-da ol gerekli maglumaty tapmandygy), şeýle hem Goranmak ministrliginiň serwerlerindäki wajyp maglumatlaryň birnäçesini ýok edendigi we gaty diske zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.ABŞ-nyň hökümeti bu hakeriň hüjüminiň ýetiren zyýany 700 müň dollara barabar diýip netije çykardy. Umuman aýdanyňda ol 97 sany kompýuteri döwüpdir.

Makkinony goraýan Britaniýaly adwokatlar, ol Asperger sindromy keselinden kösenýändigini, kömege mätäçdigini tassyklaýarlar.

Hakeri ABŞ-na ekstradisiýa etmediler, ýöne ony almak boýunça häzirki wagtda hem göreşýärler.

Şunuň bilen biziň Taryhda at goýan belli hakerler baradaky makalalarymyz tamamlandy. Indi bolsa Sizden özüňizi gyzyklandyrýan mowzuklary teklip höküminde bize teswirde ýazyp bilersiňiz.