• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Apple” kompaniýasy täze enjamlaryny hödürledi we käbir maglumatlary ýaýratdy.

Gys­ga wagt ozal “iOS 9”-y hö­dür­län kom­pa­ni­ýa “App Sto­re” no­kat­la­ryn­dan al­nan app­li­ka­si­ýa­la­ryň sa­ny­nyň 100 mil­liard­dan ge­çen­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­sy Tim Kuk şeý­le prog­ram­ma­la­ry iş­läp dü­zü­ji­le­re hä­zi­re çen­li 30 mil­liard do­llar tö­le­nen­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şeý­le hem däp bo­lan mas­la­hat­da “Mac” komp­ýu­te­ri­ni ula­ny­jy­lar üçin “OS X El Capi­tan” ama­ly ul­ga­my­nyň, mo­bil en­jam­la­ry ula­ny­jy­lar üçin “iOS 9”-yň we “App­le Watch” akyl­ly” sa­ga­dy­ny ula­ny­jy­lar üçin “WatchOS 2” ama­ly ul­gam­la­ry­ny taý­ýar eden­dik­le­ri mä­lim edil­di. “iOS 9” mo­bil en­ja­my has ýe­ňil ulan­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem in­di mo­bil en­jam­la­ry ula­ny­jy­lar kä­bir şä­her­le­riň jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­na, söw­da no­kat­la­ryna de­giş­li mag­lu­mat­la­ry alyp bil­ýär­ler.

  “App­le” sa­gat­la­ry üçin “WatchOS” ama­ly ul­gam­da göz­leg­le­ri ama­la aşyr­mak üçin bir­nä­çe ýe­ňil­lik dö­re­di­lip­dir. “Pho­to Face” at­ly app­li­ka­si­ýa şah­sy su­rat­la­ryň bi­len bag­ly iş­ler­de ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Şeý­le hem kä­bir şä­her­ler­de aw­to­du­ral­ga­lar ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. “FaceTi­me” app­li­ka­si­ýa­sy “Mac”, “iP­ho­ne”, “iPad” we “App­le Watch” ula­ny­jy­la­ry­na sa­gat ar­ka­ly jaň edip bol­ýar. Elekt­ron poç­ta­la­ra bol­sa, ses bi­len jo­gap be­rip bol­ýar. Adat­ça, kom­pa­ni­ýa­nyň sa­ga­dy “iP­ho­ne” üçin ni­ýet­le­nen app­li­ka­si­ýa­la­ry iş­led­ýär. Em­ma go­laý­da sa­gat üçin ýö­ri­te app­li­ka­si­ýa­lar hem dö­re­di­ler.

Ge­çen ýyl ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Beats Mu­sic” fir­ma­sy­ny sa­tyn alyp­dy. Şeý­le­lik­de, “App­le” bu fir­ma­nyň ady­ny gö­ter­ýän en­jam­la­ry hem-de in­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga hu­kuk ga­za­nyp­dy. In­di “Beats”-iň ula­ny­jy­la­ry üçin in­ter­net saý­ty üýt­ge­dil­di hem-de “App­le”-iň ady­ny gö­te­rip baş­la­dy. Mas­la­hat­da “App­le Mu­sic” hyz­ma­ty­nyň hö­dür­le­nip baş­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Oňa ag­za bol­mak üçin aý­da 9,99 dol­lar tö­le­me­li bol­ýar. Il­kin­ji üç aý bol­sa tö­leg­siz hö­dür­len­ýär.