• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Helenius uly agramda Ýewropanyň çempiony titulyny eýeledi

Finlýandibaly Robert Helenius (22-0, 13 КО) boks boýunça uly agramda Ýewropanyň çempiony titulyna eýe boldy.

EBU titulyny almak boýunça 12 rauntlyk uruşda ol Germaniýaly Frans Rilly (11-1, 7 КО) ýeňmekligi başardy.

Uruşyň ilkinji raundynda Helenius eýýäm Rilla nokdaun berdi. Arakesmeden soň, ikinji raundyň öňi syrasynda Rilla biraz sowady we indiki iki raundy Frans erbet uruşmady, emma dördünji raundda bolsa Helenius oňa ýene-de bir nokdaun berdi.

Helenius beýleki raundlardada örän güýçli hereket etdi. 12-nji raundyň tamamlanmagy bilen boksçylar kimiň güýçlidigini bilip bilmediler we netijesini eminler çykardy: 117: 109, 117: 109 we 118: 109. Bu netijede fin bokscysy Robert Helenius gazandy.

Özüniň ilkinji ýeňlişi bilen nemes boksçysy reýtingiň 85-nji setirine düşdi. Helenius bolsa ýeňişden soň prosessional boksçylaryň arasynda reýtingi boýunça 35-nji ýeri eýeleýär.