• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Durnukly energiýa üçin taslamalar

Dünýäniň senagat taýdan iň ösen döwletleriniň biri Ýaponiýada energiýa serişdeleriniň üpjünçiliginiň durnuklylygyny gazanmak üçin iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Iň uly eksportçularyň biri bolan bu ýurtda sarp edilýän energiýanyň uly bölegi daşary döwletlerden satyn alynýar. Daş-töweregi deňiz bilen gurşalan Ýaponiýanyň kenarlarynda Gün beketleri gurlup,  olar ilaty we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Gün beketlerinden bu maksat bilen peýdalanmakda ýurduň iň öňdebaryjy şäheri Kobe hasaplanýar. Senagat taýdan ösen bu port şäherinde günden elektrik energiýasyny almakda iň ösen tehnalogiýadan peýdalanylýar. Gün bekedinde ýokary tehnalogiýany ornaşdyrmakda fransuz kompaniýalarynyň  biri bilen hyzmatdaşlyk edilipdir. Ýurduň tebigatynyň uly bölegi daglyk bolan soň, bu ýerde şeýle paneller, adatça, deňiz kenarlarynda oturdylýar. Ýurduň deňiz kenarlary  “ Ýüzýän” gün panellerini gurmak üçin amatly şertleri hödürleýär. 

Bu tehnalogiýanyň täzeçil, daşky gurşawa zyýansyz we gurnamagyň aňsatlygy sebäpli oňa bolan gyzyklanma artypdyr. “Heaven and Earth Japan” kompaniýasynyň  başlygy Hajime Mori ýüzýän panelleri birleşdirmegiň örän ýeňildigine ünsi çekip, olaryň edil lego oýnawaçlary ýalydygyny aýdýar. Bu ýerde iş alyp barýan fransuz şereketi häzire çenli 20 taslamany durmuşa geçiripdir. Olary amala aşyrmak üçin ýapon firmalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hajime Mori sentýabrda Tokionyň golaýyndaky Ýamakura Dam sebitinde kuwwaty 13,7 megawatlyk beket gurjakdyklaryny belleýär. Olaryň häzirki gurýan desgasynyň kuwwaty 1,2 megawatlyk. Täze durmuşa geçiriljek taslama dünýäniň  iň uly Gün energiýa bekedi bolar. Ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýa Germaniýadan soňra dünýäniň ikinji iň uly Gün energiýa bazaryna öwrüler. Bilermenler energiýanyň arassa çeşmeleriniň hem önümçiliginiň  artjakdygyny belleýär. Ýapon önüm öndürijileri häzirki wagtda wodorod bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berýärler. Ýurtda biologik ýangyç we ýel energiýasy bazarynda hem uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilýär. Ýaponiýa geçen ýyl Parižde geçirilen daşky gurşawa bagyşlanan halkara maslahatda 2030-njy ýyla çenli uglerod gazynyň howa goýberilişiniň mukdaryny 2013-nji ýyldakydan 26 göterim azaltmagy wada beripdir. Bu maksada ýetmek üçin energiýanyň arassa çeşmelerine has köp maýa goýum goýberilmegine garaşylýar.