• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hirurg robotlary kiberhowpdan goralmadyk

Alymlar hirurg robotlaryny uzakdan baglanyp döwüp bolýandygyny subut etmek üçin kiber hüjüm edipdirler. Bu bolsa ulgamyň gowşaklygyny ýüze çykarmaga ýardam berdi. Waşington Uniwersitetiniň hünärmenleri hirurg-robotlaryna birnäçe kiberhüjümleri ýerine ýetiripdirler. Olar dürli tehnikalary we şol sanda ulgama zeper ýetirmek üçin, ony dereksiz maglumatdan dolduran DOS hüjümini hem ulanypdyrlar. Bu ulgama operator tarapyndan iberilýän komandalary üýtgedip, ulgamyň işine zeper ýetirmek başartdy.

Bu robotlaryň döredijileri hirurg robotlarynyň täze neslinde uzakdan baglanma, operatora ýa-da hassa ýetirip bilinjek zyýanly kiberhüjümlere garşy goragyny has-da ösdürjekdiklerini belläp geçýärler.

Maglumatlara görä golaýdaky 6 ýylyň içinde hirurg robotlarynyň bahasy 20 milliard ABŞ dollaryna barabar boljak. Hirurg robotlarynyň indiki nesili hirurgiýanyň hilini has hem ösdürer diýilip garaşylýar.