• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Exceldäki tablisany nädip öwürmeli?

Göz öňümize getireli bizde taýýar tablisa bar diýip.

Ýokardaky tablisamyzy gorizondal görnüşinden wertikal görnüşine geçireliň. Onda tablisamyzy myşganyň çep düwmesini basyp garalap alalyň we sag düwmäni basyp “Копировать” üstüne baryp çep düwmäni basýarys

Islendik boş ýerden goýjak ýerimizi saýlap myşganyň sag düwmesini basyp “специальную вставку” baryp çep düwmejigi barýarys.

Soňra çykan penjireden  “транспонировать” saýlap alyp belleýäris.

Mundan soň OK basýarys. Şeýlelik bilen etjek işimiz amala aşyryldyr.