• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýewropada "Ýylyň awtoulagy"

Şwe­si­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si “Volvo” kon­ser­ni­niň “Volvo XC40” ky­sym­ly ula­gy Ýew­ro­pa­da “Ýy­lyň aw­tou­la­gy” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si boldy.  “Ýy­lyň aw­tou­la­gy” bäs­le­şi­gin­de “Volvo” il­kin­ji ge­zek bu ab­raý­ly baý­ra­ga eýe bol­ýar.
Emin ag­za­la­ry­nyň dü­zü­min­de Ýew­ro­pa­nyň 23 döw­le­tin­den 60 tö­we­re­gi aw­tou­lag bi­len gy­zyk­lan­ýan žur­na­list­ler bar. Emin ag­za­la­ry­nyň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, il­ki­baş­da 37 ulag saý­la­nyp alyn­dy ýöne ola­ryň sa­ny 7-ä ge­ti­ril­di.
Jem­leý­ji bäs­le­şik­de “Volvo XC40” ky­sym­ly ula­g 325 bal alyp, ol bi­rin­ji­li­gi eýe­le­di. “Se­at Ibi­za” 242, “BMW 5-se­ri­es” ula­gy 226 bal al­dy. Ge­çen ýyl bu ugur­da­ky bäs­le­şik­de “Peu­ge­ot 3008” 319 bal bi­len bi­rin­ji bo­lup­dy.
Şeý­le hem 2017-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň köp aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri mä­lim edil­di. Sa­na­wa gö­rä, bi­rin­ji or­ny “Volks­wa­gen Group” eýe­läp, ge­çen ýyl 10,4 mil­li­on ulag sat­dy. 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, bu gör­ke­zi­ji 3,5 gö­te­rim köp. Ikin­ji orun­da bar­ýan “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, 10,2 mil­li­on ulag sat­ma­gy ba­şar­dy. 10 mil­li­on­dan bir­ne­me köp­räk ulag sa­tan “Re­nault-Nis­san” to­pa­ry üçün­ji­li­gi eýe­le­di. Il­kin­ji bäş­li­ge “Hy­un­dai-Kia” (7,2 mil­li­on) hem-de “Ge­ne­ral Mo­tors” (6,8 mil­li­on) hem gir­me­gi ba­şar­dy.