• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Telefonlar üçin has oňaýly daşlyk

Gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len el te­le­fon­la­ry­ny köp­lenç öz jü­bü­miz­de gö­ter­ýä­ris. Owa­dan we ozal­ky­la­ryn­dan ýu­ka te­le­fon­lar eli­miz­den ga­ça­nyn­da ola­ryň dö­wül­me­gi ah­mal. Şol se­bäp­li adat­ça, ola­ra ýö­ri­te daş­lyk­ geý­dir­ýä­ris. Daş­lyk­lar te­le­fo­ny dö­wül­mek­den we çy­zyl­mak­dan şeýle-de olary suw­dan  hem go­ra­ýar. Em­ma olar te­le­fo­ny ag­rald­ýar we ga­lyň­laş­dyr­ýar. Bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin Ger­ma­ni­ýa­ly ta­lyp ýaýly gorag ulgamy bolan te­le­fon daş­ly­gy­ny oý­lap tap­dy. Ol te­le­fon ýe­re ga­çan wagtynda burç­la­ryn­dan ýaý­ly gur­luş çy­kyp, oňa ze­per ýet­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Germaniýaly talyp Fi­lip Fren­ze­liň iş­läp dü­zen bu daş­ly­gy haçanda te­le­fon ýe­re gaý­dyp baş­la­ny­ny ol duý­ýar. Onuň dört ta­ra­pyn­dan çyk­ýan ýaý­lar te­le­fo­nyň çy­zyl­ma­gy­nyň we dö­wül­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. En­tek bu ha­ryt köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­lip baş­lan­ma­dy, em­ma Fren­zel onuň pa­ten­ti­ni al­dy şeyle-de ýaş in­že­ne­re baý­rak hem be­ril­di.