• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sürüjisiz tramwaý

“Siemens”  kompaniýasynyň öndüren dünýäniň ilkinji maşinistsiz tramway Germaniýanyň Potsdam şäherinde hereket edip başlady. Nemes ompaniýasynyň  inženerlerinden, matematiklerinden, fiziklerinden ybarat  50 hünärmeniň işläp düzen tramway radar, lidar we kamera sensorlary bilen enjamlaşdyrylan. Jemgyýetçilik ulagy bu tehnologiýalar arkaly demir ýolda we onuň töwereginde bolup geçýän zatlara “esewan bolýar”. Ýoluň üstünde haýsydyr bir päsgelçiligiň bardygyny görse, öz-özünden durup, onuň ýoldan sowulmagyna garaşýar. Özbaşdak hereket edip bilýän hem bolsa, ýüze çykyp biljek haýsydyr bir päsgelçilik göz öňünde tutulyp, oňa bir sürüji gözegçilik edýär. Tramwaýy işläp taýýarlanlar entek täze harydyň söwda maksatly satylyp bolmajakdygyny, emma awtonom sürüş babatda esasy  epgitleriň biriniň geçilendigine ünsi çekýärler. Häzirki wagtda 6 km-lik aralykda synag sürüşi amala aşyrylýan ulag ýoluň uly böleginde  hakyky  ýol hereketiniň içinden geçmeli bolýar. Onuň öňünden welosiped sürüjileri, pyýadalar we awtoulaglar kesip geçýär. Ulag synag maksatly öňüni kesip geçen çaga arabasyny "gören" badyna saklandy. Araba ýoldan  aýrylandan soňra kabinadaky sürüji ulagyň hereketini gaýtadan ýola goýdy. Jemgyýetçilik ulagy hökmünde tramwaýlardan has köp peýdalanylýan Potsdam şäherinde bu ugurda zähmet çekýän adamlar az däl. Şäheriň tramway edarasynyň ýolbaşçylary sürüjisiz ulaglaryň işe girizilmegi bilen maşinistlere başga işleriň beriljekdigini belleýärler.