• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Taryh nämäni öwredýär?

Taryh – bu juda gadymy sözleriň biri. Ol “ἱστορία” diýen grek sözünden gelip çykyp, “barlag” we “waka barada gürrüň” diýen manylary berýär. Takmynan, iki ýarym müň ýyl mundan ozal, Gerodot ilkinjileriň biri bolup, öz ylmy işleri bilen adamlary tanyş edipdir. Şeýlelikde, Gerodot taryh ylymlary boýunça ilkinji alym bolup, oňa ýöne ýerden “Taryhyň atasy” diýilmeýär. Dünýädäki her bir halkyň geçmişi we şu günleri bar. Her bir adam bolsa, özüniň gelip çykyşyny we eždatlarynyň nähili ýaşandygyny bilesi gelýär. Bu barada ata-babalarymyzyň “Sen bize öz taryhyň barada aýt, biz seniň kmdigiňi aýdaly” diýen ýaly pähimi bar.

Taryh dürli halklaryň nähili ýaşandygyny we kämilleşendigini, şol döwürlerde nähili wakalaryň bolup geçendigini we adamlaryň durmuşynyň nädip özgerdip, häzirkisi ýaly bolandygyny öwrenýär. Taryh ylmyna ser salanymyzda adamzadyň geçmişde birtopar kynçylyklary başyndan geçirendigine, ýöne durmuşyň dowam edip, ajy günleriň süýji günlere öwrülendigine göz ýetirýäris. Taryh bize adalatly bolmagy öwredýär, şeýle hem, daş-töweregimizi gurşap alýan dünýä täzeçe garamagymyza ýardam berýär. Taryh – bu gadymy döwürlere alyp barýan ýoldur. Ol bizi asyrlaryň jümmüşine – gadymy eýýama alyp baryp, häzirki günlere atarýar.