• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

ANGRY BIRDS 2 ýakyn wagtda çykar

Ýaňy-ýakynlykda meşhurlygy gazan Angry Birds oýunyň täze wersiýasynyň çykjaklygy resmi taýdan habar berildi.

Finlandiýaly oýun düzýän firma Rovio Angry Birds 2 wersiýasynyň üstünde işläp ýörendiklerini we mobil oýunyň ýakyn wagtda çykjaklygy habar beripdiler, şol wagtam ýakynlaşyp oýuny iýulyň 30-na çykjaklygyny mälim etdiler.

Şuwagtlykça diňe oýunyň çykjak wagty belli bolup başga maglumatlar bellidäl. Rovio, Angry Birds 2-niň mundan öňki wersiýalarynyň enesi, ýagny başy boljaklygyny aýdýar, emma oýunyň wideo grafikasyny ýa-da oýnalyş usulyny gizleýär.

2009-njy ýylda çykan ilkinji Angry Birds oýuny mobil dünýäsinde uly meşhurlygy gazandy. Rovio görä oýuna degişli hemme wersiýalar 3 milýartdan kän gezek ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alyndy. Emma oýunyň dowamy gutormaýan  Angry Birds-ler Clash of Clans we Game of War ýaly oýunlaň meşhurlygyndan pese gaçmaklygyny saklap bilmedi. Bul oýun markasyny abraýyny saklamakda kararly bolan Rovio geljek ýylyň iýul aýynda Angry Birds 2-niň kinosynam çykarmakçy.

 

Agza: Sapa tarapyndan