• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Bmw – niň gymmat ulagy

Germaniýada  BMW – niň  “ M1” kysymly sport awtoulagy satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 965 müň dollara deňdir. Ol özüne kybapdaş ulaglara garanyňda, 2 esse gymmat.

“ M1” kysymly ulagyň 453 – si öndürildi. Olaryň 3 – sini kümüş pisint reňke boýadylar. Olaryň biri zawodyň özüniňki, ikinjisi “Formula – 1 ” ýaryşlarynyň baş direktory Berni Ekklstounyň sargydy esasynda, üçünjisi bolsa fransiýaly müşderiniň haýyşy boýunça öndürildi. Şol üçünji ulag häzir satuwa çykaryldy. Awtoulag öz durkuny saklap galýar. Onuň bilen 17.5 müň kilometr ýol geçildi. Sagatda 100 kilometr tizlige 6 sekuntda ýetýär. Onuň iň ýokary tizligi 260 kilometre deňdir.