• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Sony Xperia Z4” hödürlendi

Ýa­po­ni­ýa­nyň “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Xpe­ria” se­ri­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky mo­de­li hö­dür­len­di.

“Z 4” smart­fo­ny “akyl­ly” te­le­fon ba­za­ryn­da “Ip­ho­ne 6” we “Ga­laxy S6” en­jam­la­ry bi­len ýa­ry­şar. “Sony”-nyň bu te­le­fo­ny ses, su­rat we owa­dan­lyk ba­bat­da bäs­deş­le­rin­den ta­pa­wut­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Tä­ze te­le­fon­da edil “Ga­laxy S6”-lar­da bol­şy ýa­ly “Go­og­le And­ro­id”-iň soň­ky “5.0 Lol­li­pop” bar. “Full HD” ek­ra­ny bo­lan en­jam­da 3 gi­ga­baýt RAM we 32 gi­ga­baýt iç­ki ýat bar. Onuň möç­be­ri­ni “MicroSD” ar­ka­ly 128 gi­ga­baý­ta çen­li art­dyr­mak müm­kin. “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň özü­niň iş­läp dü­zen “Exmor” sen­so­ry bo­lan te­le­fo­nyň yz­ky ka­me­ra­sy 20,7 me­ga­pik­sel, öň­ki ka­me­ra­sy 5,1 me­ga­pik­sel. Model “Blue­tooth 4.1” aý­ra­tyn­ly­gy bi­len beý­le­ki­ler­den has ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Se­ri­ýa­nyň bu mo­de­li hem su­wa çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol bir metr çuň­luk­da­ky suw­da ýa­rym sa­ga­da çen­li suw ge­çir­me­ýär. Şeý­le hem onuň ba­ta­re­ýa­sy 30 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 60 gö­te­ri­me çen­li dol­ýar. Onuň daş­ky gör­nü­şi özü­niň “aga­sy” “Z 3” bi­len diý­seň meň­zeş. Te­le­fon Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka we Azi­ýa ýurt­lar­da aýyň ahy­ryn­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler.

Hin­dis­tan ba­za­ry­na ni­ýet­le­nen te­le­fon ön­dü­rer

Şeý­le hem “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Hin­dis­tan ba­za­ry üçin ýö­ri­te en­jam­lar ön­dür­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa, esa­san hem, ar­zan ba­ha­ly “akyl­ly” te­le­fon al­mak is­le­ýän müş­de­ri­le­re gö­rä, te­le­fon hö­dür­lär. Kom­pa­ni­ýa­nyň Hin­dis­tan bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Ke­ni­çi­ro Hi­bi fir­ma­nyň edil “Xiao­mi”, ASUS, “Mo­to­ro­la”, “Go­og­le” we beý­le­ki hin­di şe­re­ket­le­ri ýa­ly bu ba­za­ra ni­ýet­le­nen amat­ly ba­ha­ly smart­fon­la­ry iş­läp düz­jek­di­gi­ni bel­le­di. “So­ny” 125-160 dol­lar ara­ly­gyn­da ba­ha­sy bo­lan en­jam­la­ry taý­ýar­lar. Bu­la­ryň önüm­çi­li­gi hem Hin­dis­tan­da ama­la aşy­ry­lar. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy ýurt­da iň soň­ky ge­zek “Xpe­ria E4g” en­ja­my­ny hö­dür­läp­di. Or­ta de­re­je­li bu mo­del 213 dol­lar tö­we­re­gi ba­ha­dan müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­ýär. Go­laý­da “Xiao­mi” “Mi 4i” smart­fo­ny­ny 205 dol­lar­dan hin­dis­tan­ly aly­jy­la­ra ýe­ti­rip­di.