• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

29 iýulda WINDOWS 10 ulanyşa çykar

Şu ýylyň 29 iýulynda Microsoft korporasiýasy Windows 10 operasion ulgamyny resmi taýdan çykarmagy meýilleşdirýär. Işläp taýarlaýjylaryň aýtmagyna görä täze OU gündelik oý we ofis bilen bagly kompýuter  meselelerini çalt çözmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem täze Windows 10  operasion ulgamynda Windows Hello, Microsoft Password we Windows goragçysy ýaly hyzmatlaryň kömegi bilen ulanyjylaryň maglymatlarynyň goraglylygy  güýçlendiriler. Mundan başgada bu ulgam mobil enjamlaryň akkumulýatorynyň zarýadyny has tygşytly ulanar we öňkilerden 10 esse çalt ýüklener.

Işläp taýarlaýjylar Windows 10  işiň öndürjiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip belläp geçýärler. Muňa täze hyzmatalar we belli priloženiýalar üýtgedilen funksiýalary kömek eder. Mysal üçin Cortana ses assistenti ulanyjylaryň isleglerini ulgamlaşdyryp şoňa görä ulanyjylara zerur bolan maglumatlary çalt tapmaga öz çözgütlerini berer.

Öňden belli bolan kompaniýanyň ofis paketleri (Word, Exel, Power Point, OneNote, Outlook) täzelenen Office 2016 –da sensor ekranly  gurluşlar bilen işlemekde doly goldawa eýe boldy. Täze döredilen Microsoft Edge brauzeri bolsa, ulanyjylara web sahypada el bilen bellikleri etmäge olary paýlaşmaga we ýatda saklamaga mümkinçilik berer.

Windows-yň täze wersiýasy enjamlary dürli režimlerde iş prosessinden bölünmesiz ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu Continuum atly  funksiýasynyň peýda bolmagy bilen mümkin boldy. Ol giriziş usulyny awtomatik ýagdaýda snesor ekrandan klawiatura we yzyna awtmatiki usulda geçmäge mümkinçilik berýär.

Oýun oýnaýjylary hem Windows 10  öz täzelikleri bilen begendirer. Game DVR fuksiýasy  personal kompýuteri ulanyjylar bilen  Xbox konsolyň eýeleri bilen oýunyň dowamynda habarlaşmaga we mediakontentler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berer. Xbox priloženiýasy kompýuter, noutbuk we planşet ulanyjylara XboxLive tor hyzmatynyň ahli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga rugsat berer. Oýunlaryň özi bolsa täze DirectX 12 propramma interfeýsiniň mümkinçilikleri esasynda ýokary grafiki hili bilen tapawutlanar.

Microsoft kompaniýasynyň resmileri Windows 10  OU-yň  mugt täzelenmesi diňe legal Windows 7 we 8.1 ulanyjylary üçin elýeter boljakdygyny ýatladýar.