• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

HHR-ň gurluşyk kompaniýasy 15-günde 30-gatly myhmanhanany gurmagy başarýarlar

HHR-nyň Broad Group gurluşyk kompaniýasy 30-gatly Ark Hotel myhmanhanasyny bary-ýogy 15-güniň içinde gurmak bilen täze rekord goýdular. Bu myhmanhana 17000 m2 deň bolup, onuň bölekleri ýörüte zawotda taýýarlanan görnüşinde polat gapyrgalara birikdirmek arkaly gurulandyr.

         Myhmanhana ýokary hilli bolmak bilen galman, eýse onuň gurluşygy üçin beýleki binalardan 5 esse az material harçlanyp, gurluşyk döwründe ekologiýa ýetirilýän zyýanyň 20 esse azaldylandygy aýdylýar. Ondan başgada bina Rihteriň şkalasyna görä 9 bal ýer titremesine durnukly bolan berk konstruksiýasy bilen hem tapawutlanýar.