• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Visa özüniň töleg sistemasynyň goraglylygyna barmak yzlaryny goşmakçy bolýar

Bilşimiz ýaly biometriki sensoryň kömegi bilen barmak yzlary alynýar. Töleg kartlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Visa kompaniýasy PIN-kodyň ýerine barmak yzlaryny ulanmakçy bolýar.

Töleg kartyny ulanyjy töleg terminalynyna salan halatynda barmak yzlaryny alyjy sensor aktiw hala geçer. Eger terminalyň ýadynda ulanyjynyň barmak yzy bar bolsa, onda töleg kartyny ulanmaga awtomatiki ýagdaýda rugsat beriler, egerde ýok bolsa rugsat berilmez.

Bu ulgamy ilki bilen Mountain America Credit Union we Bank of Cyprus kompaniýalarynyň wekilleri we ulanyjylary üçin ornaşdyrmakçy bolýarlar. Visa kompaniýasynyň wekili Mark Nelsonyň aýtmagyna görä, bu sistema howpsuzlyk tarapynyň kepilliginiň ýokarydygyny  (50%) we beýliki amallary ýerine ýetirilende çaltlygy bilen tapawutlanýandygyny belläp geçýär.