• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Only clock”

Häzirki wagtda isle çylşyrymly bolsun, isle ýönekeý haýsydyr bir enjamy alanymyzda onuň birden köp işi ýerine ýetirýändigini görýäris. Şol sebäpli, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümleriniň ýönekeý bolmagy üçin tagalla edýärler. Golaýda “Only Clock” (diňe sagat) atly sagat satuwa çykaryldy. Çeh respublikasynyň “Kibardin” şereketiniň işläp taýýarlan sagady stoluň üstünde goýmak we diwara asmaga niýetlenipdir. Ol şeýle bir ýönekeý welin, diňe halkadan ybarat. Daşky keşbi mehaniki sagatlara meňzese-de, ol elektron sagat. Hiç-hili dili we ýazgysy bolmadyk enjam wagty çyralary arkaly görkezýär. Agramy 450 gram bolan sagadyň ululygy 300 mm x 50 mm x 300 mm. Ak we gara reňkli görnüşleri bolan enjamyň rim we arap sifrleri ýazylan iki görnüşi bar. Ony internet saýty arkaly sargyt etmek hem mümkin.