• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung kompaniýasynyň “Galaxy J2 Pro” kysymly internetsiz smartfony

Dür­li gör­nüş­däki te­le­fon­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan “Sam­sung” in­ter­ne­te bi­ri­gip bol­ma­ýan smart­fon iş­läp düz­di. Kompaniýa okuw­çy­la­ra we in­ter­net bi­len ara­sy bol­ma­dyk beý­le­ki müş­de­ri­le­re ni­ýet­le­nen “Ga­laxy J2 Pro” mo­de­li­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Bu te­le­fon­da 3G, 4G LTE ýa-da Wi-Fi ýa­ly in­ter­ne­te de­giş­li hiç zat ýok. Jaň et­mek hem-de sms iber­mek­den baş­ga te­le­fon­da su­ra­ta dü­şür­mek, aý­dym-saz diň­le­mek ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­lar bar. Telefon uly ek­ra­ny bo­lan­soň, uly ýaş­ly adam­lar üçin hem amat­ly ha­sap­lan­ýar. Enjamyň 4 ýad­rosy, 1,5 GB RAM-y we 16 GB ýa­dy bar şeýle-de onuň ek­ra­ny­nyň ulu­ly­gy 5 dýuým bo­lup, yz­ky ka­me­ra­sy 8 me­ga­pik­sel, öň­ki ka­me­ra­sy 5 me­ga­pik­sel we onuň ag­ra­my 138 grama deňdir.