• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Saturndaky gyzgyn ojaklar

Amerikan we ýapon alymlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki barlag topary Saturnyň hemralarynyň biri Enseladda gyzgyn gorlary ýüze çykardylar. Şu açyşdan soňra, älemşynaslar Ýerden daşardaky durmuşyň yzlaryny tapmak umydy bilen Enselady dykgatly  öwrenmäge girişdiler. Mundan ozal, alymlar  Enseladyň  üstki buz  gatlagynyň aşagynda hakyky  ummanyň bardygyny çak edýärdiler. Çünki kosmos zondy “ Kassini ”  asman jisiminiň günorta polýusyndan göterilen bugdan ybarat bulutlaryň we suwuň maýda damjalarynyň şekillerini ugradypdy. Bu şekilleri öwrenilmegi hünärmenleriň ilkinji çaklamalaryny  tassyklady.

Bu umman hemranyň üstki gatlagynyň 50 kilometr töweregi aşagyndaky çuňlukda ýerleşýär. Şunuň bilen birlikde, onuň üstki gatlagynyň galyň buz harsaňlary we suwly kanallardan gelýän jynslar belli bir derejededäki özara himiki täsirlerden gyzýarlar we wagtal – wagtal  daşary zyňylýarlar. Hünärmenler bu gyzgyn çeşmeleriň ýylylyk  derejesi bilen baglanşykly çylşyrymly şertlere uýgunla-şan ekstremofilleriň – mikroorganizmleriň ýaşamagy üçin oňaýly hem bolup biljekdigini çak edýärler. Saturn we Ýupiteriň hemralary eýýäm köpden bäri astrobiologlaryň – Ýerden daşarda ýaşaýyş  gözleýän hünärmenleriň dykgatly  öwrenýän närsesi bolup durýar. Durmuş sallançagy derejesine has ynamdar dalaşgär hökümünde häzire çenli Ýupiteriň hemrasy  “ Ýewropa” hasaplanyp, onda ýerasty ummanyň bardygy bireýýämden bäri tassyklanyp gelýärdi. Şeýle-de bolsa, soňky maglumatlar gigant planetalryň hemralarynyň köpüsinde ummanlaryň bardygyny görkezär. Kolorado we Tokio uniwersitetleriniň hünärmenleriniň bilelikdäki barlaglarynyň netijeleri Amerikanyň “ Nature” atly ylmy žurnalynda neşir edildi.

Agza: Graf tarapyndan