• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

LG G4 öýjükli telefony

Köp ýyllardan bäri tehnologiýa bazarynda uly ösüşleri gazanýan "LG" kompaniýasy önümçiliginiń gerimini barha gińeldýär. Muńa olaryń golaýda satuwy ýola goýlan "LG G4" smartfony hem subutnama bolup biler. Bu ajaýyp smartfon "Android 5.1 Lollipop" ulgamynda herekete gelýär. Onda 5,5 dýuýmlyk 2560x1440 piksel ölçegli "IPS Quantium" displeýi ýerleşdirilip, onuń ýüzi bolsa "Corning Gorilla Glass 4" gorag gatlagy bilen örtülipdir. Şeýle hem ekranda ýörite ulgam ýerleşdirilip, ol ýagtylygy, reńkleri awtomatiki usulda sazlap berýär. Telefony 6 ýadroly "Qualcomm Snapdragon 808" prosessory işledýär. Ajaýyp smartfonyń maglumat kabul edip bilijiligi 32 Gb-da deńdir. Bu enjamda "Bluetooth 4.1", Internet hyzmatlaryndan peýdalanýanlar üçin bolsa "Wi-Fi 802.11 a/b/g/n/ac" ulgamlary göz öńünde tutulypdyr. Batareýasynyń kuwwaty 3000 mA/sag-a barabardyr. Amatly bahadan satylýar we ulanmak üçin ykjam, oňaýly, işleýjiligi çalt almaga howlugyň.

Agza: Telekeçi tarapyndan