• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY Daňatar ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Türkmen milli saz gurallary.

2. Kirişli saz gurallary.

3. Üflenip we kakylyp  çalynýan saz gurallary.

4. Aýdym (wokal).

5. Saz mugallymçylygy.

6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

7. Halk tansy.

8. Fortepiano.

9. Hor dirižýorlygy.

10. Halk saz gurallary.

Ýörite  sazçylyk  mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.  Ýörite  sazçylyk  mekdebiniň  aýdym  (wokal)  hünärine  18 ýaşyny  dolduran  oglan-  gyzlar  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— sazçylyk bilimi  barada  resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden  (işlän  ýerinden, harby  bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň  döredijilik  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  bilim  edaralaryna  girýän  milli  we  halkara  döredijilik  bäsleşikleriniň  ýeňijileri  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl  nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby   şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlen  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  iýul  aýynyň  30-y, awgust  aýynyň  1-i we 3-i günlerinde  Türkmen  milli  konserwatoriýasynyň  ýanyndaky  D. Öwezow  adyndaky  Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebinde  (Aşgabat  ş.) geçirilýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:  

Sazyň  taryhy  we nazaryýeti  hünäri  — hünäri  boýunça,  fortepiano  we saz edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy; 

halk tansy,  aýdym (wokal)  hünärleri  — hünäri  boýunça  iki tapgyrda,  Türkmenistanyň  taryhy;

galan ähli  hünärler  — hünäri  boýunça,  solfedžio  we sazyň  nazaryýeti,  Türkmenistanyň  taryhy.  Dersler   boýunça  giriş  synaglary  sungat  mekdepleriniň  we Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  (Türkmenistanyň  taryhy)  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Türkmenistanyň  taryhy  dersi  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa- da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär. 

Türkmen  milli  konserwatoriýasynyň  ýanyndaky  Daňatar  Öwezow  adyndaky  Türkmen  döwlet  ýörite  sazçylyk  mekdebiniň  salgysy:  Aşgabat  ş., 1984-nji köçe, 22; tel.: 92-52-19.