• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Startap Citybirds «iň inçe we ýeňil» elektrosamokaty işläp taýýarlady

Ýaňy ýakynda Mýunhende geçirilen ISPO sergisinde hünärmenler Eagle atly çagalar üçin niýetlenen ykjam elektrosamokaty görkezilişe çykardylar. Munuň akkumulýatorynyň sygymy 15 km-e ýeterlik zarýaty jemlemek bilen, goşmaça ýene bir batareýany rulunyň diregine berkidilip ýerleşdirilýär we goşmaça akkumulýator bilen 30 km ýol geçmäge mümkinçiligi bar. Bu elektrosamokata awtomobillerden we öýlerdäki adaty tok çeşmelerinden zarýat berip bolýar.

Elektrosamokat 25 km/sagada çenli tizligi ýokarlandyrmak bilen, dürli peýdaly we geçiljek ýol barada maglumatlary sürüji bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Ýagny rulda ýerleşdirilen ekranyň üsti bilen ýol hadysalary, howanyň ýagdaýy baradaky maglumatlary bilmek bolýar. Ondan başgada Bluetooth bilen smartfony baglap, jaňlar we beýleki maglumatlary görmek bolýar hem-de ony iki epläp, ýygnap ulurak sumka salyp bolýar.