• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Element näme? Umumy aýratynlyklary nähilidir?

Elementler göz bilen görüp bolmajak derejede kiçi atomlardan ybarat jümle-jahandaky ähli zadyň gurluşynda bar bolan esaslardan biridir. Himiki usullar bilen ýa-da ýylylyk, şöhle, elektrik ýaly energiýa akymy ulanylyp, sada maddalara bölmek mümkin däl. Birnäçe madda bir-birinden tapawutly atomlar bolsa her bir elementde diňe bir görnüşli atom bardyr.

Häzirki wagtda bilinýän element sanawynyň ýüzüň ýokarsyndadygyna garamazdan, bulardan 94 sanysy tebigatda tapylýandyr. Beýlekileri labaratoriýalarda ylmy işgärler tarapyndan sentetika görnüşde ýasalandyr. Bilim işgärlerine görä has köp element ýasap bolar, ýöne ular uzak ömürli däl, käwagt bir sekuntdan hem az wagtda ýok bolýarlar.

Günlik ýaşaýşymyzda tanyş bolýan maddalarymyzyň aglaba bölegi element däldir. Iki ýa-da şondan köp elementiň bir ýere jemlenip, aýratynlygyny ýitiren jemlenmelerden ybaratdyr. Mysal üçin: suwyň himiki gurluşynda bar bolan kislorod we wodorod hersi bir elementdir. Kislorod we wodorod gazyň bardygyna garamazdan, suw ýaly däldir. Şeker hem beýleki jemlenmeleriň birisidir. Gurluşynda uglerod, kislorod we wodorod atom böleklerini saklaýar.

Elementleriň iňkiçi bölegi atom böleginiň ortasynda, proton we neýtron diýilip atlandyrylýan däneleri saklaýan galyp bardyr. Galyp atom böleginiň göwrüminden has-da kiçidir we protondan gelýän oňyn elektrik akymy bilen ýüklenendir. Neýtron bolsa ýüksiz, ýagny neýtrdir. Elementlerdäki ähli atom böleklerdäki protonlaryň sany üýtgemän, neýtronlaryň sany bolsa üýtgäp durýandyr. Meňzeş elementiň üýtgeýän gurluşyna izotop diýilýär. Neýtronsyz ýektäk element wodorotdyr.

Elementler atom belgisi bilen belgilenýär. Elementiň proton belgisi atom böleginiň belgisine deňdir we element symwolynyň aşagynda görkezilýär. Atom belgisiniň üýtgemegi täze bir elementiň ýüze çykmagyna sebäp bolar. Elementler sap maddalardyr. Tebigatda otag ýylylygynda himiki aýratynlygyna görä metal, nemetal we nesil gaz bolmak bilen üç görnüşdedir.

Metallar: daş görnüşi parlak, ýylylyk we elektrik akymyny ugradýan, yşarat ýagdaýyna geçirip bolýan elementdir. Simapdan galany otag ýylylygynda ählisi gatydyr.

Nemetallar: daş görnüşleri ýapyk bolan, ýyly ýa-da elektrik akymyny ugratmaýan, otag ýylylygynda üç görnüşde (gaty, suk, gaz) bolup bilýän tar ýa-da yşarat ýagdaýyna geçirip bolmaýan, çydamsyz elementdir.

Nesil gazlar: neýtr atomlarydyr we elektrik akymyny alyp-bermeýän himiki elementleriň toparydyr.

Dünýäde iň ýörgünli bolup görünýän element kislorotdyr. Onuň yzy bilen kremniý geler. Ikisi hem gumda we gaýalyk ýerlerde bardyr. Ähli jümle-jahanda iň ýörgünli element bolsa wodorotdyr, ondan soňra geliý gelýär.