• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kosmos giňişliginde synag geçiriler

Floridadaky kosmodromdan uçurylan “ Cygnus” atly älem gämisi Halkara kosmos bekedine baryp ýetdi. 3.5 tonna ýük äkiden gämi üç günde soňky duralgasyna bardy. Ýük gämisi ol ýerde işleýän kosmonawtlaryň zerurlyklary bilen bir hatarda, täze synaglary geçirmek üçin enjamlary alyp gitdi. Şeýle hem “Cygnus” gämisi NASA-nyň “Saffire” atly taslamasynyň çäklerinde adaty bolmadyk synyagy amala aşyrar. Ol Ýere gaýdyp gelýärkä ot çykarar. Şeýlelikde, Ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde alawyň nähili hereket edýänligi anyklanar. Ýangyn 20 minutlap dowam eder. Adamsyz “Cygnus” gämisi Halkara äleme bekedindäki zibilleri alandan soňra maý aýyna yzyna gaýdýar. Şeýle hem gäminiň bekede äkiden zatlarynyň arasynda üç ölçegli printer hem bar. Mundan soňra isleg bildirýänler “Kosmosda öndürildi” ýazgyly zatlary sargyt edip bilerler.