• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Microsoft Office programmalaryny indi Android-smartfonlarynyň ulanyjylary peýdalanyp bilerler

Geçen aý Microsoft kompaniýasy özüniň ofis programma üpjünçilikleriniň deslapky görnüşlerini Google Play magazininde çykardylar. Ony ýüklemek üçin ýörite saýtynda registrasiýa bolmalydy. Test döwründe bu prgrammany ulanyjylar 83 döwletiň içinde 1900 sany dürli smartfonyň modellerinde barlap gördüler. Yanha, bu gün birnäçe düzedişlerden soňra, resminamalar bilen işlemeklik üçin bu programmanyň paketiniň doly taýyn we elýeterlidigini mälim etdiler. Indi isleg bildirenler özleriniň Android bazaly smartfonlaryna ýa-da planşetlerine Microsoft Word, Excel we Power Point programmalaryny gurnap bilerler.

Bu programmalary gurnamaklyk üçin enjamyň ulgamy Android 4.4-den kiçi bolmaly däl. Programmalar mugt görnüşindedir, eger-de käbir funksiýalaryny giňeltjek bolsalar, onda satyn alma mümkinçilikleri hem bar.

Zehinli agzamyz Ýüzbaşy tarapyndan ýazyldy!!!