• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER - TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin bakalawrlary  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  boýunça  talyplyga   kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Himiýa  we biotehnologiýalar  (taýýarlygyň  ugurlary:   himiki   tehnologiýa;  biotehnologiýa).

2. Metallurgiýa,  maşyngurluşyk  we materiallary  işlemek   (taýýarlygyň  ugry:  materiallary  öwrenmek   we täze  materiallaryň  tehnologiýasy). 

3. Nanotehnologiýalar  we nanomateriallar  (taýýarlygyň  ugry:  nanomateriallar). 

4. Tebigy   ylymlar  (taýýarlygyň  ugry:  ekologiýa  we tebigatdan  peýdalanmak). 

5. Informatika   we hasaplaýyş  tehnikasy  (taýýarlygyň  ugurlary:  informatika  we hasaplaýyş  tehnikasy;  Maglumat  ulgamlary  we tehnologiýalary).

6. Awtomatlaşdyrmak  we dolandyrmak  (taýýarlygyň  ugurlary:  awtomatlaşdyrmak  we dolandyrmak;   mehatronika  we robot  tehnikasy;  innowatika). 

7. Elektronika,    radiotehnika  we Aragatnaşyk  ulgamlary  (taýýarlygyň  ugry:  elektronika  we nanoelektronika).  Uniwersitetde  okuwlar  tölegli  esasda  bakalawrlary  taýýarlamagyň  maksatnamasy  boýunça  1 ýyl dil öwreniş  bölüminde  okuw taýýarlygyny  geçeninden  soňra,  iňlis  we ýapon  dillerinde  alnyp  barlar.  Uniwersitete  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den   geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  welaýat  merkezlerinde  we Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär. 

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

 — bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza; 

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa); 

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

 — Türkmenistanyň   Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;  — soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama; 

— 3x4 sm ölçegdäki   sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim   dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň   ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän

iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny; 

 — Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby   gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny   tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler. 

Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  uniwersitetde  (Aşgabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär: 

Daşoguz  welaýaty  — iýul aýynyň  30-31-i, awgust aýynyň  3-i we  5-i   günleri

Aşgabat  şäheri  — awgust  aýynyň  1-2-si, 4-i we 6-sy günleri 

Ahal welaýaty  — awgust  aýynyň  5-6-sy, 9-y we 11-i günleri

Mary  welaýaty  — awgust  aýynyň  7-8-i, 10-y we 12-si günleri

Balkan  welaýaty  — awgust  aýynyň  11-12-si, 15-i we 17-si günleri

Lebap  welaýaty  — awgust  aýynyň  13-14-i, 16-sy we 18-i günleri

Giriş synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

Himiki  tehnologiýa;  materiallary  öwrenmek  we täze  materiallaryň  tehnologiýasy;  nanomateriallar  taýýarlyk  ugurlary

— himiýa,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy;

biotehnologiýa;   ekologiýa  we tebigatdan  peýdalanmak  taýýarlyk  ugurlary  — biologiýa,   matematika,  Türkmenistanyň taryhy;

informatika  we hasaplaýyş  tehnikasy;  awtomatlaşdyrmak we   dolandyrmak;  mehatronika  we robot  tehnikasy;   elektronika  we   nanoelektronika  taýýarlyk  ugurlary  — fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy; 

Maglumat  ulgamlary  we tehnologiýalary;  innowatika  taýýarlyk  ugurlary — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär. 

Ähli  dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  geçirilýär.  Giriş

Synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebärlere görä  gelmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.

Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha alanlardan  talyplyga  kabul edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar: 

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmenistanyň  Oguz han adyndaky  Inžener-  tehnologiýalar  uniwersitetiniň  salgysy:  Aşgabat  ş.,  Köşi  köçesiniň  100-nji jaýy,

tel.: 39-16-73; 39-16-75.