• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Planetalaryň ýörişi (parad) näme we iň golaý bolmaly wagty

Planetalaryň ýörişi – bu Gün sistemanyň planetalarynyň kesgitli mukdary belli bir göni çyzyga golaý düzülmesi, astranomiki hadysadyr.

Planetalaryň ýörişi

Içki planetalar Wenera we Merkuriý bir sinodiki periodinyň dowamynda iki sapar bir gönä birikýär. Eger-de bu ýagdaýda planetalar Gün bilen Ýeriň ýerleşen bolsa, onda aşaky birikme (içki) bolýar. Eger-de Gün planetalar we Ýeriň arasynda ýerleşen bolsa, onda bu ýokarky birikme (daşky) bolýar.

Kiçi ýörişi – bu dört planetlaryň giňişlikde bir göna güzülmesi we asmanda biri – birine ýakyn görünme wagty, astranomiki hadysadyr. Bu planetalara: Wenera, Mars, Saturn we Merkury degişli. Planetalaryň kiçi ýörişi ýylda 1 gezek bolýar. Şu ýylyň güýz aýynda planetalaryň şeýle ýörişe garaşylýar.

Planetalaryň kiçi ýörişi

Uly (“Beýik”) ýörişi – Astonomiki hadysa bolmak bilen alty planetanyň bir göni çyzyga birikme wagty. Olara: Ýer, Wenera, Ýupiter, Mars, Saturn, Uran degişlidir. Planetalaryň uly ýörişi 20 ýyldan 1 gezek bolýar. Ýörişiň bu görnüşi 2012-nji ýylyň dekabyr aýynyň 21-ne bolan.

Planetalaryň uly ýörişi

Planetalaryň görünme ýörişi -  planetlaryň konfigurasyýasy, haçan-da Gün sistemanyň bäş  sany ýagty planetasy (Merkuri, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn) öz asmandaky hereketi  bilen biri-birine ýakyn gelmegi we şol bir wagta asmanyň uly bolmadyk sektorynda (10 – 40 gradus) görünmegi. Planetalaryň paradyny ýa agşam ýa-da irden synlamak bolar. Planetalaryň şeýle ýörişi her 18-20 ýyldan bir gezek bolýar. Golaýda 2022-nji ýykyň mart aýynda görmek bolar.

Planetalaryň görünme ýörişi