• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sport (hünärler: sport; ýokary derejeler sporty; bedenterbiýe).

 Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

 1.Syýahatçylyk (hünärler: myhmanhana işewürligi; syýahatçylyk işewürligi).
 2. Sport ( sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
3. Menejment (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
4. Maliýe işi we karzlar (hünär: sporty maliýeleşdirmek).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— sportsmeniň kämillik kitapçasy (sport, ýokary derejeler sporty, bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi hünärleri boýunça I derejeden pes bolmadyk) we sport mekdebinden hödürnama (sport ugruna okuwa girýänler üçin);

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri
  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we 31-i günleri
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-2-i, 5-i we 7-si günleri
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-4-i, 6-sy we 7-si günleri
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 12-si we 14-i günleri
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 14-i günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sport; ýokary derejeler sporty; bedenterbiýe; sagaldyş işi hünärleri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

  • myhmanhana işewürligi; syýahatçylyk işewürligi; sport žurnalistikasy hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
  • sport desgalaryny dolandyrmak; sporty maliýeleşdirmek; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— 2014-2018-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
— 2014-2018-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40; tel.: 22-65-37, 22-68-61.