• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Zidan “ajaýyp ýedilige” girdi

“Men özümiň 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirýän ýagdaýymy öňünden gördüm” - diýip, Liga çempionlaryň finalynda “Real Madrid” bilen “Atletikanyň” duşuşygynda ýeňişden soň portugaliýaly Kriştiano Ronaldo gürrüň berdi. “Şol sebäpden hem men Zidandan özümi jerime urgularyny depmekde 5-nji edip goýmaklygy haýyş etdim” diýip ol belläp geçdi. Şeýlelikde, portugaliýaly maço öz tälimçisiniň ýüzüni ýere salmady: gol geçirdi – 11 metrlik jerime urgularynda “Realyň” oýunçylary dürs ýerine ýetirdiler (5:3). Ondan öň olar esasy oýny hem-de goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamladylar.

Biziň pikirimizçe, bu oýunda esasy gahryman Kriştiano däl-de, Zinedin Zidanmyka diýýän: sebäbi, futbolyň taryhynda oýunçy hem-de tälimçilik karýerasynda Liga çempionlaryň kubogyny almakda 7-nji adam bolup çykyş edýär. Ol şu “Real” bilen 2002-nji ýylda hem ýeňiş gazanypdy.

Ajaýyp ýedilige” kimler girýär:

Migel Munos (“Real” - hem oýunçy hem tälimçi),

Jowanni Trapattoni (“Milan” - oýunçy, “Ýuwentus” - tälimçi),

Ýohan Kroýf (“Aýaks” - oýunçy, “Barselona” - tälimçi),

Karlo Ançelotti (“Milan” - oýunçy, “Milan” we “Real” - tälimçi),

Franki Reýkard (“Milan” we “Aýaks” - oýunçy, “Barselona” - tälimçi),

Hosep Gwardiola (“Barselona” - hem oýunçy hem tälimçi).