• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №5

 Kewin Poulsen

 

FDB-niň maglumatlar bazasyny döwen

Internet giňişliginde Dark Dante lakamy bilen meşhurdyr. Poulsen friking bilen iş salyşan – islendik nomerlere mugt jaň etmek maksady bilen telefon kompaniýalarynyň kompýuter ulgamyny we ATS-i döwen. Poulseniň meşhurlyga eýe bolmagynyň esasy sebäbi, degişme höküminde Los-Anjeles ştatyndaky KIIS radiostansiýasynyň studiýasyna birnäçe ýalan jaňlar ugradýar. Onuň şol eden jaňlary esasy baýragy utmaga sebäp bolýar – Porsche awtomobilini utdy we Gawaýa dynç almaga gitmeklige mümkinçilik gazandy.

Kewin Poulsen

Ýöne onuň esasy meşhurlyga eýe bolmagy ABŞ-nyň FDB-nyň maglumat bazasyny döwmeklik, haker ol ýerde birnäçe gizlin maglumatlary, şeýle hem telefon gürrüňleri ýaly maglumatlary hem görýär. FDB-sy bu kiberhüjümçä garşy aw edýär we netijede ony 5 ýyl azatlykdan mahrum edýärler.

Hazir Poulsen – tehnologiýalar baradaky "Wired" žurnalynyň baş redaktory. Onuň çykarýan makalalary kompýuteriň howpsuzlygy baradadyr.