• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Lukmanlar geljekde dermana derek QR-kody ulanarlar

Farmasewtika barha ösýär, dermanlaryň we bejeriş usullarynyň dürli görnüşleri çykýar. Ýagny Daniýanyň paýtagty Kopengageniň uniwersiteti bilen bilelikde Finliýandiýanyň Abu akademiýasy derman önümçiliginde täze arzan usuly oýlap tapdylar. Bu tehnologiýada QR-koda dermanyň näçe mukdarynyň ulanylmalydygynyň we beýleki maglumatlary ýerleşdirilen.

         Bu «bejeriş QR-koduny» islendik printerde çap etmek mümkin bolup, ýöne onuň kartrijine ýörite biologiki syýadan guýmak gerekdir. Derman önümçiligine şeýle usul bilen çemeleşmeler hassalaryň dermany gereginden aşa köp ulanyp, zäherlenmeginiň  öňuni almak hem-de ýasama dermanlary tanamak üçin oňyn bolup biler. Ýagny hassa dermanyň hakykylygyny smartfonynynyň üsti bilen, ýörite programma arkaly barlap biler.