• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Robot ýasaýjylaryna Honda kompaniýasyndan jogap - ASIMO

Honda. Bu brend biziň bilşimize görä diňe awtoulaglary we motosiklleri öndürmek bilen tanaýarys. Emma beýle pikir etmeli däl. Sebäbi, olar ASIMO atly robotyny ýasadylar. Hazirki wagtda bu robot örän çynlakaý ýasalandyr, ol bolsa dünýä belli kompaniýanyň nobatdaky netijeli önümleriniň biridir.

Robotyň elleri 13 sany hereketi edip bilýär, onuň ýeterlikli maýyşgak bolmagy hereket wagtynda elindäki zatlary gaçyrmazlyga kömek edýär. Başarjaň barmaklar dili el hereketi bilen düşndirip bilýär. Robotyň soňky görnüşi ýol ýok ýerlerinden hem, şeýle-de özüne taýyn bolmadyk ýoldan hem ýöräp bilýär. ASIMO robotynyň mundan öňki görnüşi yzada ýöräp bilenokdy. Täze görnüşi bolsa, sagatda 10 km tizlik bilen ylgap bilýär. 

Özüniň öňki görnüşinden tapawutlylykda, ol operatoryň kömegine zar däldir. Ol özi adamlaryň  hereketlerine gözegçilik edýär we olaryň hereketlerini düşündirjek bolup çalyşýar. Mysal üçin, öňünden biri ylgap gelýän bolsa, robot oňa ýol berýär. ASIMO şeýle hem, sesleri tanamaklygy we dürli adamlaryň ýüzlerini tanamaklygy başarýar.

Agza: Graf tarapyndan