• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.
2. Demir ýol ulagynda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak.
3. Demir ýol ulagynda ýol hojalygy we gurluşyk.
4. Lokomotiw hojalygy.

5. Wagon hojalygy.

6. Demir ýolda energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (saglyk barlagy Aşgabat şäherindäki fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada geçirilýär, dalaşgärler öz ýaşaýan ýerine degişli bolan neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama alyp gelmeli);

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 14-15-i, 17-si we 18-i günlerinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki  demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Kemine köçesi, 84, tel.: 94-31-47.