• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

18 sekuntda satyldy

Italiýanyň aňrybaş ulaglary öndürýän “Maserati” kompaniýasynyň soňky modelinden Hytaýda 18 sekuntda 100 sanysy satyldy. “Alibaba” kompaniýasynyň “Tmall” saýty arkaly satuwa çykarylan “Levante” atly ulaga 72 müň dollar nyrh kesildi. Häzirki wagtda diňe elektron dükanlar arkaly satylýan ulag iýulda bu ýurtdaky söwda nokatlarynda peýda bolar. Ýurtda “Maserati”-niň ulaglarynyň satuwy soňky ýyllarda has hem artdy.