• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaý ylmy-barlag hemrasyny kosmosa uçurar

Hytaý 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda kosmosa mikrograwitasiýa we kosmos durmuşyny öwrenmek boýunça barlaglara gatnaşjak ylmy-barlag hemrasy “ SJ-10”-y uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan uçurylar.häzir kosmos gämisiniň abzallary doly barlagdan geçirildi. Hemra ýenede alty ugurdan 19 synagdan geçer. Hemra 12 günläp orbitada bolar we synagyň netijeleri gonujy kapsula arkaly Ýere getiriler. Olar pilotirlenýän kosmos gämisiniň uçurylyşy üçin görülýän taýýarlyklarda peýdalanarlar. Mundan soňra modulyň özi ýene-de üç günläp orbitada galar. Bu taslama Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň 11 instituty we alty uniwersiteti gatnaşýar. Taslama ESA (Ýewropa) we JAXA (Ýaponiýa) ýaly kosmos agentlikleri gözegçilik eder.