• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Goja Arhimediň rowaýaty meselesini çözeliň.

Geçen gezek grek alymy Arhimed bilen bagly rowaýaty we gyzykly meseläni siziň dykgatyňyza ýetiripdik. Bu gezek bolsa, şol meseläniň çözülişine serederis. Ýadyňyzda bolsa täjiň hakyky altyndandygyny ýa-da ýasamadygyny anyklamak meselesi goýulypdy. Gerekli abzallardan bolsa diňe asma terezini ulanmak buýrulypdy.

Geliň, hyýaly kiçijek tejribejik geçireliň. Täjiň howadaky agramyny ölçäliň. Goý, onuň agramy P0 bolsun. Indi bolsa, täji suwly gaba salyp, agramyny ölçäliň. Onuň agramyny P bolsun. Bilşimiz ýaly, suwa salnan jisimiň agramy howadakydan ýeňil bolýa (P< P0).

Näme üçinkä? Sebäbi, ýokaryk ugrukdyrylan arhimed güýji täsir edýär. Bu arhimed güýjüni FA diýip belläliň.

FA = P0 – P

Arhimed güýji  bölünip çykan suwuklygyň ýa-da gazyň agramyna deňdir. Başgaça ýazsak, F= msuw g.  Bu ýerde msuw  bölünip çykan suwuklygyň massasy.

Bu ýerde  bölünip çykan suwuň göwrümi, suwuň dykyzlygy, erkin gaçma tizlenmesi, başgaça aýdylanda täjiň suwuklyga çümdürilen böleginiň göwrümi.

Biz täji dolulygyna çümdüripdik. Indi täjiň göwrümini kesgitlesegem bolar.

Täjiň göwrümini bilenimizden soň bize onuň dykyzlygyny kesgitläýmek galýar. Eger tapan dykyzlygymyz altynyň dykyzlygy bilen gabat gelse, täjimiziň altyndan ýasalandygy bolar.

Altynyň dykyzlygyny islendik tablisadan alyp, çykaran netijämiz bilen deňeşdirip bileris.