• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“iPhone”-yň goraýyş koduny nähili döwüp bolar?

iPhone, iPad we iPod, garaz IOS ulgamynda, gorag düwmesiniň koduny sazlanymyzda hem-de şol kodumyzy birnäçe gezekden köp ýalňyş ýazanymyzda, enjamymyz wagtlaýynça togtaýar. Aşakdaky suratda görnüşi ýaly koduňyzy birnäçe gezek ýalňyş ýazyp, telefonuňyzy togtadarsyňyz.

Enjamyňyzda “iPhone ýapyk, 1 minutdan soňra barlap görüň” ýaly hat çykar. Sebäbi bolsa, alty gezekden köp kod ýalňyş girizilende, enjam awtomatiki ýagdaýda togtaýar. Enjamyň ýüzüne çykyp biljek habarlaryň görnüşleri aşakdaky ýaly bolup biler.

iPhone togtadyldy

– iPod togtadyldy

– iPad togtadyldy

– iPhone ýapyldy

Şu ýagdaýda koduňyz ýadyňyza düşmeýän bolsa, tapyp biljekdigiňize ynamyňyz ýok bolsa, iTunes - "iPhone-my tap“ ýa-da "halas etmek“ ýagdaýyny ulanyp, iPhone-yň koduny döwüp bilersiňiz. Dowamyndan ätiýaçdaky maglumatlaryňyzy enjamyňyza gaýtadan gurnamaly bolarsyňyz. Şol sebäpli ätiýaçlandyryş hakynda maglumatlaryňyz ýok bolsa, “iTunes bilen ätiýaçlandyrma nähili edip bolar?” ýa-da “iCloud bilen ätiýaçlandyrma nähili edip bolar?” diýen görnüşlerde gözleg işlerini amala aşyryp, tapmagy maslahat berýäris.

iTunes ulanmak arkaly iPhone-laryň goraýyş koduny nähili döwüp bolar?

iPhone-yň koduny nähili döwüp bolar? diýen soragda, ilkinji nobatda iTunes ulanmak arkaly iPhone-yň koduny döwüp biljekdigimizi ýatdan çykarmaly däl. Emma, hökmany suratda iPhone-myzydaky maglumatlary ätiýaçlandyrsak gowy bolar. Eger ätiýaçlandyrmasak, iPhone-yň hyzmatynda awto ätiýaçlandyrma ýokdugy sebäpli, maglumatlaryň ýok bolar, ýöne enjamyňyz edil täze alnan ýagdaýyndaky ýaly bolar.

iTunes bilen iPhone-laryň koduny döwmeklik üçin aşakdaky ädimleri ätmeli;

  • Enjamyňyzyň birikdiriji kabeli bilen komýuterdäki iTunes ulgamyna birikdiriň.

  • iTunes-y açmaly, eger iTunes kod sorajak bolsa, ozal iTunes ulanan kompýuteriňiz arkaly birigiň!

  • Şeýle ýagdaýda iTunes ulgamymyzy awtomatiki ýagdaýda birikdirer we ätiýaçlandyryş işlär. Eger birikmese, özüňiz "manual“ birikdirip ätiýaçdaky maglumatlaryňyzy almaly. Şu bölümi ýatdan çykarsaňyz, siziň enjamyňyz tutuş täzelener we ätiýaçdaky maglumatlaryňyz ýiter. Haýyş üns beriň!!!

  • Birikdirilenden soňra enjamyňyzyň ätiýajyndaky maglumatlary geçirip bilersiňiz.

  • IOS sazlaýjy kömekçisi enjamyzy sazlajak bolsa “iTunes ätiýaçlandyryş maglumatlaryny geçir” diýip saýlaň.

  • iTunes-da enjamyňyzy saýlanyňyzdan soňra iň täze ätiýaçdaky maglumatlaryňyzy geçiriň.

Halas ediş ýagdaýy arkaly iPhone-yň goraýyş koduny döwmek?

iPhone-yň koduny nähili döwüp bolar? diýen ikinji soraga bolsa, halas ediş ýagdaýy bilen kody döwüp bolar. Şeýle ýagdaýda ozal enjamyňyzyň iTunes bilen hiç hili birikdirilmedik bolsa ýüz tutulmaly usuldyr.

Eger enjamyňyzda "iPhone-ymy tap“ ýa-da kompýuteriňiz bilen birikdirmeýän bolsaňyz, bu usul edil siz üçin bolup biler. Şeýle ýagdaýda iPhone-yňyzy halas ediş ýagdaýyna geçirmeli bolarsyňyz. Eger halas ediş ýagdaýynyň nämedigini bilmeýän bolsaňyz, “Iphone-myň halas ediş ýagdaýy” diýip gözleg işlerini ýerine ýetirmeli bolarsyňyz.

Enjamy halas ediş ýagdaýyna geçirenimizden soňra enjamyz öz koduny pozar. Eger ätiýaçlandyryşyňyz ýok bolsa, enjamyňyz täzelener we täze alan ýagdaýyňyzdaky ýaly bolar.

  • Komýutere birikdirmezden we kabel birikdirijisi bolmazdan, enjamyňyzy eliňize alyň;

  • Enjamy ýapyň;

  • Home düwmejigine basyp saklaň, basyp saklaýarkaňyz iTunes-e birikdiriň. Şeýle ýagdaýda enjamyňyz awtomatiki ýagdaýda açylar. Eger açylmasa, özüňiz açmaly bolarsyňyz.

  • Enjamyňyzyň ýüzünde iTunes-e birikdir diýen ýazgy çykmaly, Home düwmejigini basyp saklamagy ýatdan çykarmaň.

  • iTunes enjamyňyzy tapar ýa-da birigendigi hakynda size duýduryş berer.

  • Dowamyndan “Howwa (Yes)” basyň we enjamyňyzyň ätiýajyndaky maglumatlaryňyzy geçiriň.

iPhone kodumy ýitirdim ýaly soralýan ýagdaýlary üçin biziň şu makalamyz size kömek berer diýip umyt edýäris.

Eger sizi bökdeýän ýagdaýlar, meseleler ýüze çyksa bize teswir ýazyp bilersiňiz!!!