• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýörgünli pasportlar

Golaýda pasportlaryň gymmatyna baha berýän “Henley & Partners” guramasy dünýä ýurtlarynyň arasynda iň “güýçli” we täsirli pasporty anyklamak maksady bilen nobatdaky seljeriş işlerini geçirdi. Munda pasportuň gymmaty onuň eýeleriniň syýahat etmäge açyk bolan ýurtlarynyň sany bilen kesgitlenilýär. Bu seljerişde Halkara howa ýollary assosiasiýasynyň maglumatlary ulanyldy. Onuň netijesinde, bu tapgyrda syýahatçynyň şahsyýetini tassyklaýan iň güýçli resminamanyň Ýaponiýanyň raýatlarynyň pasportydygy belli bolup, onuň eýeleri hiç bir kynçylyksyz 189 ýurda baryp bilýän ekenler. Ikinji orny Singapur hem-de Germaniýa eýeläp, bu ýurtlaryň pasportlarynyň eýeleri dünýäniň 188 ýurduna wizasyz syýahat edip bilýärler.

 

Sizi dünýäniň iň güýçli pasporty bolan 10 ýurdy we syýahat edip bilýän ýurtlarynyň sany bilen tanyşdyrýarys:

1 Ýaponiýa – 189 ýurt.

2 Singapur,

Germaniýa  188 ýurt.

3 Finlýandiýa,Fransiýa, Italiýa, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Şwesiýa – 187 ýurt.

4 Awstriýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Beýik Britaniýa, ABŞ – 186 ýurt.

5 Belgiýa, Kanada, Daniýa, Irlandiýa, Şwesiýa – 185 ýurt.

6 Gresiýa, Awstraliýa – 183 ýurt.

7 Çehiýa, Malta, Täze Zelandiýa – 182 ýurt.

8 Islandiýa – 181 ýurt.

9 Wengriýa, Sloweniýa, Malaýziýa – 180 ýurt.

10 Latwiýa, Litwa, Slowakiýa – 179 ýurt.