Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Olimpiýadaça gollanma (dowamy)


Aklama geçirmäne howlukmaň. Berlen wagtyň ýarysy geçenden soňam göçürip ýetişersiňiz. Ýogsam siziň ýetişmezligiňiz ahmal, esasanam, bir ýerde ýalňyşanyňyzy bilseňiz.

 Aklama ýazanyňyzda edil sapaklardaky ýaly göçüriň. Meseläniň gysgaça şertini ýazyň, çyzgysyny çyzyň, grafigini guruň. Meseläniň birnäçe çözgütlerini hödürläň, görkeziň.

Garalamadan birden göçürmeli däl. Ilki bilen hasaplamalary täzeden geçirip, barlap görüň, hasam garalama arassa bolmasa. Belki şeýdip, meselem, arifmetiki ýalňyşlyklary taparsyňyz.

Matematiki nukdaýnazardan meseläniň çözgüdi anyk we doly bolmaly (ýöne gereginden artyk jikme-jik ýazmagam gerek däl). Barlaýanlara çözgütleriňizden kemçilik tapmak kyn bolar.

Bir gezek matematikadan olimpiýadada meniň bir balymy haýsydyr bir p ululyk üçin aýyrdylar. Sebäbi men onuň nämedigini ýazmandyryn. Men onuň nähilidir bir ýönejeý sandygyny bilýän. Apelliýasiýada maňa her hili bahana tapdylar: belki bu kompleks sandyr, ýa matrisa, ýa-da ýen bir zat. (p ∈ R) - şeýle ýazgylar meni tankytlardan halas ederdi

Hatda siz meseläni çözüp bilmeseňiz, ýöne çözüwe ýakynlaşsaňyz, barybir öz pikirleriňizi ýazga geçiriň, çyzgysyny çyzyň, formulalary ýazyň (aşakda näme üçin gerek boljagyny ýazaryn).

Işiň barlagy

Men size olimpiýada işleriniň nähili barlanýanyny aýdaýyn (hiç bolmanda, aslynda nähili bolmalysyny). Belki, bu size köpüräk bal toplamaga kömek eder.

Meseläni bahalandyrmagyň iki usuly bar. Birinjisi, başdan size iň ýokary baly berýärler we her ýalňyşlyk üçin balyňyzy aýyrýarlar. Bu kän bir gowy usul däl. Sebäbi her dürli ýerde ýalňyşmak bolar we haýsy ýalňyşlygyň köp bal “iýjegini” aýtmak kyn.

Ikinjisi, gowy usul, meseläniň çözüwini birnäçe böleklere bölýärler. Her bölege belli bir bal berýärler. Kä wagtlar meseläniň berlişi, çyzgysy, grafigi, formulasy üçinem bal berilýär. Şonuň üçinem,  ruhdan düşmän,  şol zatlary bir ýazyň. Ýene bir zat, gereginden artyk ýazmaň. Hiç kim size artykmaç bal bermez.

Gynansakda, çözüwe bal bermek örän kyn. Haçanda, siziň çözüwiňiz komissiýaňky bilen gabat gelmese, hasam jedelli bolýar. Adatça, dogry çözüwe iň ýokary  bal berilýär (başgaça usul bilen çözülen hem bolsa). Çözüwde ýalňyşlyk tapylan bolsa, kynçylyk şonda başlaýar. Gowy barlaýanlar öz çözüwleri bilen siziňkiniň arasynda meňzeşlik gözleýärler we size mynasyp baha bermäne çalyşýarlar. Käbirleri bolsa, tötänden bir baha goýmaklary ahmal.

Apelliýasiýa

Apelliýasiýada işiňiziň barlagy üçin arz edip bilersiňiz. Barlagçylaram adaty adamlar ýaly ýalňyşyp bilerler. Meselem, barlagçylar siziň çözüş metodyňyza düşünmezlikleri ahmal. Näme-de bolsa, gürrüňdeşlik siziň işiňiz hatda gider, eger siz nähildir bir esasy zady ýazmadyk bolsaňyz, bu siziň günäňiz.

Apelliýasiýada gorkuly zat ýok. Eger siz meseläni dogry çözendigiňize doly ynanýan bolsaňyz, barlagça görkeziň. Alada etmäň we sesiňizi gataltmaň, rahat we mylakatly gürleşiň. Öz diýeniňizi tutup durmaň we ýönekeý sözler bilen düşündirmäge çalyşyň.

Indi siz olimpiýadany üstünlikli geçirmek üçin näme etmelisini bilýäňiz. Üstünlik arzuw edýän!

Agza: Shooter tarapyndan


Haladym 

 ()

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

1219 2 14.07.2015

HALKARA TÜRKMEN-TÜRK UNIWERSITETI

1230 1 14.07.2015

Element näme? Umumy aýratynlyklary nähilidir?

1018 2 06.05.2016

TÜRKMEN DÖWLET NEŞIRYAT GULLUGYNYŇ NEŞIRYAT-ÇAPHANA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

1680 0 20.07.2015

Beýik fiziki açyşlar

1970 7 02.05.2016

Ýeriň ilatynyň deň ýarysynda internet bolar

1915 5 24.12.2016


sapa
04-07-2015

admin gory




SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!