Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


Täze galaktikanyň üsti açyldy


Kosmos giňişliginde hereket edýän “ Hubble” teleskopy örän seýrek duş gelýän galaktikanyň üstüni açdy. NASA- nyň kosmos enjamynyň surata düşüren ýyldyzlar toplumynyň diýseň giň boşlukda ýeke özüniň hereket edýändigi anyklandy. Ýerden bir ýagtylyk ýyly (10 trilion kilometr töweregi) uzakdaky galaktika “ NGC  6503 ” ady berildi. Ululygy biziň ýaşaýan galaktikamyzyň  üçden biri ýalyrak bolan ýyldyzlar toplumynyň  giňliginiň 30 müň ýagtylyk ýylydygy we millionlarça ýyldyzy özünde jemleýändigi aýdylýar. Hünärmenler bu galaktikanyň daş – töwereginde başga hiç zadyň ýokdugyny, hamana, onuň çölüň içindäki asman jisimi bolmadyk giň ýerlere syrly boşluk ( “Local Void “/ Ýerli hökümsizlik ) diýilýär. Bu boşlugyň giňliginiň 150 million ýagtylyk ýylyna barabardygy habar berildi. Stefan Jeýms O Meara 2007 – nji ýylda çap edilen “ Hidden Treasures” (Gizlin hazynalar) atly kitabynda onuň ýerleşýän ýeriniň adatylardan  üýtgeşikligi sebäpli “NGC 6503” ýyldyzlar toplumyny  “Kosmosdaky ýiten galaktika ” diýip atlandyrypdy. “Hubble” kosmos teleskopy has ýokary durulykdaky  linzalary  arkaly bu ýyldyzlar toplumyny mundan ozalkylardan has jikme – jik surata düşürdi.

 

Agza: Graf tarapyndan


Haladym 

 ()

MARY WELAYAT MALIYE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2055 3 23.07.2015

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

749 3 13.07.2017

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

2344 3 21.07.2015

AHAL WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

516 7 17.07.2017

DAŞOGUZYŇ BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

542 4 17.07.2017

Asman name üçin gök?

2819 7 13.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!