Zehinli ýaşlar - Biziň geljegimizdir !


MARYNYŇ Ý.HUMMAÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI


2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Turkmen milli saz gurallary.

2. Kirişli saz gurallary.

3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

4. Aýdym (wokal).

5. Saz mugallymçylygy.

6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

7. Halk tansy.

8. Fortepiano.

9. Hor dirižýorlygy.

10. Halk saz gurallary.

Ýörite sazçylyk mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2015-nji ýylyň 11-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- sazçylyk bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylaryň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim ersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli isminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde (Mary ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri - hünäri boýunça, forte­piano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halk tansy, aýdym (wokal) hünärleri - hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärleri - hünäri boýunça, solfedžio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

 

Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy:

Mary ş., Saparmyrat Nyýazow köçe, 25; tel.: 3-94-23, 3-95-69.


Haladym 

 ()

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY Daňatar ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

323 0 17.07.2017

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BAÝRAMALY AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

374 1 17.07.2017

Älemşnaslar täze planetanyň döreýşiniň şaýady boldular

726 2 04.07.2015

Alymlar goşa ýyldyzdan iň uly Tatuin – planetany tapdylar

849 13 14.06.2016

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

1761 2 14.07.2015

TURKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ DAŞOGUZ AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2567 7 23.07.2015





SPORT TÄZELIKLERI


LINE ID:  @MCP7657A
B I L D I R I Ş L E R

Eger-de ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar we ş.m. mowzuklarda gyzykly täzelikleriňiz bar bolsa, okaýjylar bilen paýlaşmak isleseňiz, biziň poçta salgymyza (zzehinli@gmail.com) ugradyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzda reklama ýerleşdirmek isleseňiz, biziň poçta salgymyza hat ugradyp bilersiňiz. Sizden geljek reklamalara garaşýarys.

Ýokary tehnologiýa, takyk ylymlar bilen baglanyşykly soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, biziň saýtymyza ýüz tutup bilersiňiz. Zehinli.biz Siziň hyzmatyňyzda!!!